Ýaponiýanyň köp böleginde “adatdan daşary ýagdaý” režimi ýatyryldy

  • 16.05.2020 16:36
  • 6.4k+

Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abe ýurtda koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen “adatdan daşary ýagdaý” režiminiň 47 prefekturanyň 39-synda aýrylýandygyny mälim etdi. Bu çözgüt koronawirusa garşy çäreler boýunça hökümet ştabynyň mejlisinde resmi taýdan tassyklanyldy we ol goldanylandan soň göni güýje girdi. Bu barada turbo.gazeta.ru habar berýär.
“Şu günden başlap biz kadaly gündelik durmuşymyza dolanmaga başlaýarys. 39 prefekturada hökümet keseliň dörän ýerine baglylykda düýpli çäreleri kabul etmek bilen wirusyň ýaýrawyny gözegçilik astyna almagy başardy” – diýip, premýer-ministr belleýär. Onuň aýtmagyna görä, “adatdan daşary ýagdaý” režimi dowam edýän galan sekiz prefekturada bu režimiň wagtyndan öň aýrylmagy baradaky çözgüt hünärmenler toparynyň mejlisiniň jemi boýunça 21-nji maýdan ir kabul edilmez.
“Adatdan daşary ýagdaý” režiminiň Tokioda we Osakada dowam etdiriljekdigi bellenilýär. Şeýle-de, bu režim Tokio ýakyn bolan Kanagawa, Saýtama we Tiba köp ilatly prefekturalarda dowam eder. Bularyň ählisi “Uly Tokionyň zonasyny” emele getirýär. Çäklendiriji çäreler Ýaponiýanyň günbataryndaky Kioto, Hýogo we Hokkaýdo demirgazyk prefekturalarynda hem güýjünde galar. “Adatdan daşary ýagdaý” režimi saklanylýan sebitlerde 60 mln-dan gowrak adam ýaşaýar, olaryň 38 milliony paýtagtda we oňa ýakyn bolan prefekturalarda ornaşan.
“Adatdan daşary ýagdaý” režimi Ýaponiýanyň birnäçe etraplarynda aprel aýynyň başynda bir aýlyk girizildi, soňra bu režim 31-nji maýa çenli möhleti bilen ýurduň ähli territoriýasyna ýaýradyldy. Bu onuň güýje gireninden bäri çäklendiriji çäreleriň ilkinji gowşadylyş ýagdaýydyr.
Soňky maglumatlar boýunça, Ýaponiýada koronawirus 16 049 adamda ýüze çykaryldy, 678 adam ýogaldy, 8 920 adam bolsa sagaldy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......