Türkmenistanyň Prezidenti dessin ýagdaýda COVID-19-y anyklaýyş enjamlaryny iberilendigi üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi

  • 13.05.2020 06:55
  • 17k+

12-nji maýda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirýän sebit we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bütin dünýä bileleşigi üçin çynlakaý synaga öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek meselesine deglip geçildi. Şunda koronawirus keseliniň ýüze çykmagynyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň raýdaşlyk hem-de özara goldaw bildirip işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri aýratyn nygtaldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, ýurdumyza dessin ýagdaýda anyklaýyş enjamlarynyň köp mukdarynyň iberilendigi üçin russiýa tarapyna minnetdarlyk bildirdi, munuň özi türkmen lukmançylyk gulluklaryna ýardam berdi. Öz nobatynda Türkmenistan hem Russiýa Federasiýasyna zerur bolan goldawy bermäge taýýardyr.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Türkmenistanyň we Russiýanyň degişli döwlet düzümlerine pandemiýa garşy göreş boýunça bilelikdäki toplumlaýyn maksatnamany işläp taýýarlamagy tabşyrmagyň maksada laýyk boljakdygy baradaky pikirini beýan etdi, bu maksatnamada iki ýurduň toplan tejribesi, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygyň görnüşleri we usullary öz beýanyny tapmalydyr.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......