Türkmenistanyň Prezidenti ýollaryň çetki zolaklarynda döredilýän çäkleriň ähmiýeti barada aýtdy

  • 12.05.2020 23:06
  • 12k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň we onuň töwereklerindäki täze gurluşyklardaky işleriň barşy bilen tanyşlygynyň dowamynda A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalary synlady. Döwlet Baştutany şäheriň ähli künjeklerinde köp zolakly awtomobil ýollarynyň gurulmagynyň paýtagtymyzda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek bilen bir hatarda, sürüjiler we pyýadalar üçin amatly mümkinçilikleri üpjün etjekdigini belledi.
Bu bolsa ýerüsti we ýerasty geçelgeleriň, awtomobil duralgalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berilmelidigini aňladýar. Häzirki döwürde gatnawly ýollaryň çetki zolagyny durmuş düzümine degişli, aýratyn-da, «Tiz lukmançylyk kömegi» we ýangyn howpsuzlygy gulluklaryň ulaglaryna degişli çäk döredilip başlandy. Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan bu düzgüne pyýadalaryň hem-de sürüjileriň berk eýermekleri zerurdyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň şäheriň beýleki köçelerinde hem alnyp barylmalydygyny aýtdy. Bu bolsa paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna gaýragoýulmasyz zerur ýagdaýda lukmançylyk kömegini bermäge Tiz lukmançylyk kömegi ulaglarynyň bökdençsiz geçip bilmegi üçin zerurdyr.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......