Türkmenistandan RF-e iberilen ýük COVID-19-a garşy göreşýän edaralara ugradylar

  • 10.05.2020 23:03
  • 8.1k+

Türkmenistandan gelip gowşan ýük COVID-19 boýunça aýratyn töwekgelçilik toparyndan bolan adamlara goldaw berýän edaralara, şeýle hem koronawirus ýokanjy bilen göreşýän sebitimiziň durmuş we lukmançylyk edaralaryna ugradylar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory I.Babuşkiniň türkmen Liderine muzdsuz iberen önümleri üçin hoşallyk bildirip ýazan hatynda bellenilýär.
Hususan-da, bellenilişi ýaly, «Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hem-de öz adymdan Türkmenistanyň şu çylşyrymly döwürde biziň sebitimize zerur kömegi öz wagtynda berendigi üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etmäge rugsat ediň!
Astrahan oblastyna ýokary hilli türkmen harytlaryny muzdsuz ibermek barada gelen kararyňyz biziň ýakyn dostlukly gatnaşyklarymyzyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Türkmenistan dünýä giňişliginde biz üçin möhüm strategik hyzmatdaş bolup, biz onuň bilen gatnaşyklarymyza uly sarpa goýýarys hem-de geljekde hemmetaraplaýyn berkitmegi maksat edinýäris.
Astrahan oblastyna berýän ünsüňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin hem-de köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň dostluk we özara düşünişmek ruhunda dowam etjekdigine umyt edýärin».

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......