Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasaryny kabul etdi

  • 10.05.2020 22:46
  • 8k+

9-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomini kabul etdi.
Myhman hormatly wezipäni ýerine ýetirmek — 1941 —1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak hem-de 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň nyşanyny gowşurmak üçin paýtagtymyza geldi. Şol polkda Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, watançy we edermen esger Berdimuhamet Annaýew söweşdi.
Şeýle hem Türkmenistana uruş ýoluny doly geçen hem-de öýüne Ýeňiş bilen gaýdyp gelen şöhratly esgeriň — Berdimuhamet Annaýewiň şahsy maglumaty getirildi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň şanly sene mynasybetli iberen gutlaglaryny ýetirmek bilen, A.Fomin 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň esgerleriniň gahrymançylygyny we edermenligini belledi. Olar 1943 — 1944-nji ýyllarda harby ýolbaşçylygyň adyndan minnetdarlyk hatlarynyň 250-sini aldylar hem-de ordenleriň we medallaryň 2,5 müňe golaýyna mynasyp boldular.
Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary 12 ýaşly Mälikguly Berdimuhamedowyň 1944-nji ýylda ýazan «Köp ekeliň dänäni!» atly watançylyk goşgusynyň uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Goşgynyň ýazylan wagty onuň kakasy Berdimuhamet Annaýewiň gandöküşikli söweşleriň birinde agyr ýaralanan wagtyna gabat gelip, bu goşgy setirleri perzendiň öz pederine bolan ýürek duýgusyndan habar berýär.
Döwlet Baştutany türkmen halkynyň adyndan hem-de öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putine hoşallyk sözlerini beýan edip, röwşen baýramçylyk mynasybetli gutlaglaryny iberdi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......