748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy Russiýa Federasiýasyndan ýurdumyza getirildi

  • 09.05.2020 23:42
  • 12k+

Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginiň wekiliýeti Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda geçirilýän dabaraly harby ýörişe gatnaşmak üçin ýörite Moskwa – Aşgabat uçuş gatnawyna degişli uçarda Aşgabada geldiler. Bu barada «Milli goşun» žurnalynyň saýty habar berýär.
Myhmanlary adatça bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň esgerleriniň hatary garşylady. Olar Beýik Watançylyk urşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň gulluk eden 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy getirdiler.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagynyň biziň ýurdumyza getirilmegi – hormatyň we dostlugyň nyşany. Şonuň üçin-de, dabaraly Ýeňiş ýörişiniň Aşgabatda geçirilmegini türkmen – rus ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze tapgyry diýip atlandyryp bolar.
Olar baýdagy belent parladyp, Beýik Watançylyk urşunyň 75 ýyllygy mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda harby ýörişden geçdiler.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......