Türkmenistan BSGG-niň wekillerini COVID-19 bilen bagly sapar bilen gelmäge çagyrdy

  • 07.05.2020 12:28
  • 10k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi COVID-19 bilen bagly Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasyny sapar bilen gelmäge çagyrdy, diýip ArzuwNEWS habar berýär.
Bu barada 5-nji maýda BSGG-niň Ýewropadaky direktory Hans Klýuge Twitterdäki akkauntynda ýazypdyr. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bilen wideomaslahat geçirendigini aýdyp, Klýuge türkmen tarapynyň çakylygyny kabul edendigini belledi.
«BSGG mümkin boldugyndan tiz wagtda bilermenlerini ibermäge taýýar» diýip Klýuge Twitter sahypasynda belläpdir.
«Biz Türkmenistanyň hökümeti bilen ýurda iberiljek bilermenleriň missiýasynyň üstünde işleýäris we COVID-19 garşy göreşe taýýarlyk bilen bagly bilelikdäki işe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Biz Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary bilen köp ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýäris. Özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň bu esasy adamlaryň saglygyny goramak bilen bagly häzirki ýagdaýlarda aýratyn peýdalydyr. Biz saparyň maglumatlaryny öz wagtynda ýetireris» - diýip guramanyň Arzuw NEWS-yň iberen hatyna ýazan elektron jogabynda bellenilýär.
Mundan öň, BSGG-niň Ýewropa boýunça direktory BSGG-niň COVID-19 boýunça tehniki toparynyň Türkmenistana we Täjigistana sapar bilen barjakdygyny belledi. Saparyň haçan amala aşyryljakdygy barada hiç hili anyk maglumat ýokdy. Bu hasabatyň çäklerinde BSGG-niň 1-nji maýda çagyrylan missiýasy Täjigistanyň paýtagty Duşenbä geldi. Bu barada guramanyň Ýewropa sebit edarasynyň 2-nji maýda ýaýradylan press-relizinde bellenildi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......