Türkmenistanyň Prezidenti epidemiýa garşy raýdaşlykda göreşmek boýunça maksatnamalaýyn resminamany kabul etmegi teklip etdi

  • 05.05.2020 23:40
  • 4.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygynda eden çykyşynda epidemiýa garşy göreşde gurama agza döwletleriň raýdaşlyk işiniň esasy ýörelgelerini öz içine aljak maksatnamalaýyn resminamany kabul etmegi teklip etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow wideoforumda çykyş edip, adamzat üçin uly wehim bolan COVID-19 meselä bagyşlanan bu gezekki ýokary derejedäki duşuşygy geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi üçin Prezident Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen Lideri Goşulyşmazlyk hereketiniň bu meseläniň çözülmeginden daşda durup bilmejekdigine ynanýandygyny aýtdy. Bu çäre pikir alyşmaga we çylşyrymly ýagdaýa baha bermäge hem-de ony ýeňip geçmegiň ýollaryny maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.
Pandemiýa garşy netijeli göreşmek bütin halkara bileleşiginden bilelikdäki, umumy we raýdaşlyk hereketlerini talap edýär. Bu barada aýtmak bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow hut raýdaşlyk hereketlerini aýratyn bellemek isleýändigini nygtady.
Sebäbi, her ýurduň milli derejede, ýagdaýa baglylykda bu howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy öz işlerini ýola goýýandygy düşnüklidir. Şunuň bilen birlikde, ýekelikde gysga wagtlyk wezipeleri çözüp, tapgyrlaýyn üstünlikleri gazanyp boljakdygyna ynanýandygyny belläp, milli Liderimiz bu epidemiýanyň ählumumy howpdugyny, şoňa görä-de, onuň ählumumy hereketleri talap edýändigini, hemmetaraplaýyn häsiýetli, uzak möhletleýin strategiýany öz içine alýandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýäniň ykbaly üçin umumy jogapkärçilik bilen birleşen 120 döwleti öz içine alýan Goşulyşmazlyk hereketiniň çäklerinde maksatnamalaýyn resminamany işläp taýýarlamagy hem-de kabul etmegi teklip etdi we bu resminamanyň epidemiýa garşy göreşde agza döwletleriň raýdaşlyk işiniň esasy ýörelgelerini, şeýle hem ýokanjyň öňüni almaga we ony ýok etmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny öz içine almalydygyny belledi.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......