Türkmenistanyň Prezidenti Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 boýunça geçiren duşuşygyna gatnaşdy

  • 04.05.2020 23:15
  • 9.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.
Onuň gün tertibine häzirki döwürde tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin täze, çynlakaý wehime öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak meseleleri girizildi.
Sammite Goşulyşmazlyk hereketiniň häzirki başlygy — Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň Başlygy Tijani Muhammad-Bande, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus we Afrikan bileleşiginiň toparynyň başlygy Musa Faki Mahamat, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýatasy boýunça ýokary wekili, Ýewrokomissiýaanyň Başlygynyň orunbasary Jozep Borrel, 40-dan gowrak döwletleriň ýolbaşçylar gatnaşdy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......