BSGG-niň ýurt edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistandaky karantin edaralaryna baryp gördi

  • 04.05.2020 14:38
  • 11k+

Bütindünýä saglygy goraýyş edarasynyň Türkmenistandaky ýurt edarasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska ýurduň Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde ýerleşen karantin edaralaryna baryp gördi. Bu barada ol Ria Nowosti agentliginiň habarçysyna gürrüň berdi, diýip Turkmenportal habar berýär.
«Saparyň dowamynda biz Türkmenistan tarapyndan COVID-19-yň ýurduň çägine getirilmeginiň öňüni almaklyga gönükdirilen çäreler we işler bilen tanyş bolduk. Biz desgalaryň işgärleri, ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenabat şäherinde karantinde bolup ýören adamlar bilen duşuşdyk. Bu merkezler keselli adamlary tiz bejerip hem-de olary beýlekilerden üzňe saklap, onuň mundan beýläkki ýaýramagyny çäklendirmekde möhüm wezipäni ýerine ýetirip bilýär» - diýip Karwowska aýtdy.
Geçen hepdede daşary ýurt diplomatlary we žurnalistleri üçin geçirilen brifingde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Lebap welaýatyndan Türkmenbaşy şäherinde we Garabogazda ýerleşen üç sany karantin zolaklarynda 151 adam anyklaýyşda saklanýar. Olaryň aglabasy uzaga gatnaýan ýük awtoulaglarynyň sürüjileri we gämileriň ekipaž agzalary.
Türkmenistanyň koronawirus bilen bagly ýagdaýyna baha bermek bilen BSGG-niň ýurt edarasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska şeýle diýdi:
«Biz keseliň hasaba alnan ýagdaýy babatda habar berilmegi babatda Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralaryna bil baglaýarys. Häzirki wagta çenli şeýle ýagdaýlar hasaba alynmady».
Täze koronawirus ýaýrawy bilen bagly ýagdaýlar 2019-njy ýylyň ahyrynda Merkezi Hytaýda hasaba alnyp, dünýäniň aglaba döwletine ýaýrady we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan pandemiýa diýlip yglan edildi.
Türkmenistanda bu ýokanç keseliň ýurduň çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça möhüm çäreler görüldi, serhetara we gümrük nokatlarynyň ählisinde sanitar-epidemiologik gözegçiligi we lukmançylyk gözegçiligi güýçlendirildi, ol nokatlar gyzgynlyk ölçeýjiler, infragyzyl we elektron termometrler bilen üpjün edildi, toplumlaýyn öňüni alyş, düşündiriş çäreleri geçirilýär. Netijede, şu günki güne çenli Türkmenistanda COVID-19 keseliniň ýekeje ýagdaýy hem hasaba alynmady.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......