Alymlar semreme bilen kalsiý ýetmezçiliginiň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardylar

  • 02.05.2020 23:49
  • 7.5k+

Kalsiý adamyň saglygy üçin örän möhümdir. Ýürek, süňk, myşsalar, nerw tutuş ömrüň dowamynda bu mikroelemente mätäçlik çekýärler.
Kanadanyň barlagçylary kalsiýniň kömegi arkaly artykmaç agram bilen netijeli göreşip boljakdygyny anykladylar. Bu mikroelementiň ýetmezçilik eden ýagdaýynda beýni organizme kaloriýanyň köp mukdaryny kabul etmäge itergi beriji signaly iberýär.
Lawalýa uniwersitetiniň alymlary meýletinçileriň kömegi bilen uly göwrümli derňew işini geçirdiler. Olar adam beýnisiniň kalsiý ýetmezçilik eden ýagdaýynda onuň ätiýaçlyk gorunyň üstüni doldurmaga synanyşýandygyny anykladylar. Netijede, adam kaloriýaly önümleri iýesi gelýär. Bu barada volg.mk.ru saýtynda bellenilip geçilýär.
Maglumatlary seljermek bilen ekspertler artykmaç agramly aýallaryň ýarysynda mikroelementiň ýetmezçiliginiň bardygyny bildiler. Alymlar kalsiý ýetmezçiliginiň holesteriniň derejesiniň ýokarlanmagyna we gowşak jynsyň wekilleriniň biliniň ýognamagyna getirýändigini subut etdiler. Mundan başga-da, kalsiý ýetmezçiligi ýürek keselleriniň hem güýçlenmek howpuna getirýär.
Islendik ýaşda-da kalsiýniň ýeterlik möçberiniň organizme gündelik düşmesini üpjün etmelidigini ýatdan çykarmaly däldir. Lukmanlar horlanmak isleýän adamlara peýniriň gaty hilini özleriniň berhizine goşmagy maslahat berýärler.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....