Ýodlaşdyrylan duz infarktdan we insultdan gowy kömek edip biler

  • 02.05.2020 23:13
  • 2.7k+

Bu duýdansyz açyş birnäçe barlag geçirijiler tarapyndan edildi. Alymlar adaty duzuň nahar bilen kabul edilen ýagdaýynda ýodlaşdyrylan duza çalşyrylmagynyň ýürek-damar keselleriniň güýçlenmek ähtimallygyny peseldip biljekdigini anykladylar, bu barada infosmi.net habar berýär.
“Köp adamlar biziň günde näçeräk möçberde duz kabul edýändigimizi pikir etmeýärler. Biziň kompýuter modelimiz adaty duz ýodlaşdyrylana çalşyrylsa, ýylda ýürek-damar keselleri sebäpli 460 000, şol sanda insult sebäpli 208 000 we ýürek keseli sebäpli 175 000 ölümden gaçyp boljakdygyny görkezdi” – diýip, alymlar aýdýarlar.
Bellenilip geçilişi ýaly, ýod düzümli duz infarktyň we insultyň güýçlenmek howpuny peseldýär. Sebäbi şeýle duz kaliýniň uly möçberini saklaýar. Bu madda ýürek myşsalarynyň işine oňaýly täsir edýär, arterial basyş hem pese düşýär.
Hemmeleriň endik edinen natriý düzümli duzy kaliý düzümliden tapawutlylykda adam organizmi üçin hiç hili peýda bermeýär.
Alymlar natriýniň BSGG tarapyndan maslahat berlen normadan iki esse köp kabul edilýän ýeri bolan Hytaýda ýürek-damar keselleriniň sany baradaky maglumatlary seljerip gördüler. Şeýlelik bilen, 2015-nji ýylda HHR-de iki milliondan gowrak adam gan basyşynyň ýokarlanmagy sebäpli aradan çykdy.
Ýöne ýodlaşdyrylan duzuň peýdasy ony uly möçberde kabul edip bolýandygyny aňlatmaýar. Kaliýniň çendenaşa kabul edilmegi böwregiň işine ýaramaz täsir edip biler.
Türkmenistan halkara ölçeglere laýyklykda, 2004-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda duzy ýodlaşdyrmak boýunça birinji orna çykdy. “Köp görkezijiler boýunça klaster barlaglarynyň” maglumatlaryna görä, ýurduň ilatynyň 97 göterimi ýodlaşdyrylan duz bilen üpjün edildi.

10.03.2026 19:18
7.3k+

Alymlar adaty şpris bilen organizme goýberip bolýan «kiçijik bagyrlary» döretdi

Gepatit B we C ýaly bagyr keselleri, köplenç, bagyr ýetmezçiligine getirýär we bu ýagdaýda ýeke-täk çykalga transplantasiýa bolýar. Ýöne donor organlarynyň ýetmezçilik etmegi netijesinde köp hassalar saglyk ýagdaýy sebäpli hatda operasiýa garaşýanlaryň sanawyna-da girip bilmeýär...

10.03.2026 10:33
5.8k+

Aşgazanasty mäziň düwnük keselini dermanlara boýun egdirmegiň ýoly tapyldy

Alymlar aşgazanasty mäziň ragynyň himiýaterapiýa garşy durnukly bolmagyna kömek edýän mehanizmi anykladylar. Geçirilen barlaglar belli bir genetik üýtgeşmeleriň täsirinde çişiň has agressiw ýagdaýa geçip bilýändigini görkezdi...

09.03.2026 17:03
1.3k+

Alymlar Rett sindromyny bejermegiň has ygtybarly usulyny tapdylar

Amerikaly molekulýar biologlar Rett sindromyna sezewar bolanlaryň beýni öýjüklerinde MECP2 belogynyň işlenip çykarylyşyny takmynan 60% ýokarlandyrýan täze bejeriş usulynyň nusgasyny işläp düzdüler. TASS agentliginiň Beýlor lukmançylyk kollejiniň metbugat gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä, bu açyş käbir genetik bejergilere garanyňda has ygtybarly we howpsuz bolar...

09.03.2026 15:18
2.1k+

Alymlar şokoladdan dermanlyk ähmiýeti ýokary bolan bal ýasadylar

Braziliýaly alymlar antioksidantlara baý bolan täze bir önümi — şokoladly baly döretdiler. Bu täsin iýmitiň esasy düzümi şokolad önümçiliginiň galyndysy bolan kakao gabyklaryndan emele gelýär. Science Daily žurnalynda...