Türkmenistanyň iberen ynsanperwer kömegi Owganystanyň Farýap welaýatyna gelip gowuşdy

  • 02.05.2020 22:56
  • 7.7k+

Türkmenistanda öndürilen azyk önümleri ýüklenen ynsanperwelik kömegi Owganystan Yslam Respublikasyna Farýab welaýatyna getirildi. Mälim bolşy ýaly, 30-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli azyk önümlerini ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek hakynda Buýruga gol çekdi.
Goňşy ýurduň Farýab welaýatynyň häkimi we wekilleri türkmen halkynyň adyndan ýollanan kömegi minnetdarlyk bilen kabul etdiler hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýürekden çykýan sag bolsunlaryny beýan etdiler.
Bu hoşmeýilli we sogaply çäre Türkmenistanyň hem-de onuň halkynyň parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......