Türkmenistan Merkezi Aziýa boýunça COVID-19-dan azat ýeke-täk döwlet bolup galdy

  • 02.05.2020 11:57
  • 15k+

Täjigistanda täze görnüşli koronawirus ýüze çykaryldy, diýip Sputnik Täjigistan ýurduň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanyp habar berýär. Bu barada ORIENT News belleýär.
Koronawirus ýokanjy barada resmi taýdan ýurtda Koronawirus pandemiýasynyň öňüni almak boýunça respublikan ştabyň adatdan daşary mejlisinde yglan edildi. Mejlis Täjigistanyň premýer-ministri Kohir Rasulzodanyň ýolbaşçylygynda geçdi.
Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, ýurtda koronawirusyň 15 ýagdaýy ýüze çykaryldy. Resmi maglumatlara görä, bu günki güne çenli koronawirus Sogd welaýatynyň 10 ýaşaýjysynda we Duşenbeniň 5 ýaşaýjysynda ýüze çykaryldy.
«Umumy alnanda, häzirki wagtda 2 müňe golaý adam gözegçilikde saklanylýar» - diýip Sputnik Täjigistan habar berýär.
Koronawirus ýüze çykarylandan soňra, Täjigistanyň territoriýasynda talyplar dynç alşa çykaryldy. Bu çözgüdi ýurtda koronawirus pandemiýasynyň öňüni almak boýunça respublikan ştab kabul etdi.
Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada COVID-19-dan azat ýeke-täk döwlet bolup galdy. Türkmenistan boýunça koronawirus ýokanjynyň ýeke ýagdaýy hem hasaba alynmady.
Koronawirusa garşy göreşmäge gönükdirilen öňüni alyş çäreleriniň, şeýle hem beýleki işleriň uly ähmiýetiniň bardygyna düşünip, Türkmenistan bu işleri yzygiderli alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 30-njy martynda koronawirus ýokanjyna garşy göreşe taýýar bolmak we bu ugurda degişli işleri geçirmek baradaky Milli meýilnamalary taýýarlamak hakynda BMG-niň Baş sekretarynyň öňe süren teklibi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Hökümeti häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysy hem-de ýurtlar boýunça agentlikleri bilen bilelikde döwletimiz üçin Milli meýilnamany taýýarlamak işlerini tamamlap barýar. Bu meýilnama ýakyn wagtda serediler.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......