СOVID-19-yň milli ykdysadyýetlere täsirini azaltmak boýunça çäreler maslahatlaşyldy

  • 29.04.2020 17:11
  • 3.7k+

28-nji aprelde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara pul gaznasynyň synynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen tanyşdyryş çäresinde Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti döwletleri üçin «Sebitleýin ykdysadyýetiň ösüşiniň geljegi» atly mowzuk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wideomaslahatyň barşynda hökümetler tarapyndan СOVID-19-yň milli ykdysadyýetlere täsirini azaltmak hem-de öz ýurtlarynda durnuklylygy pugtalandyrmak üçin ädýän ädimleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hödürlenen synda dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyny ösdürmegiň ugurlary seljerildi hem-de Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň geljegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Synda geljek ýyl üçin ösüşiň bahalarynyň üýtgemegi bilen baglylykda, HPG bu ugurda degişli çäreleri görmek maksady bilen, halkara hem-de sebit maliýe düzümleri bilen degişli işleri geçirýär.
Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ählumumy çökgünligiň ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ösüşine edýän ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen, giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu çäreler halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda oňyn görkezijileri üpjün etmäge ýardam etmelidir.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......