Türkmenistan we BSGG koronawirus pandemiýasyna garşy göreş meselesini maslahatlaşdy

  • 29.04.2020 10:26
  • 4.5k+

28-nji aprelde Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen geçirilen duşuşykda adamzada uly howp salýan koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, jenap Hans Klýuge golaýda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlige salgylanyp, türkmen Lideriniň gymmatly başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sebit boýunça edarasynyň ýolbaşçysy jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda ýokançly keseller boýunça dünýädäki epidemiologik ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, BSGG-niň ýardam bermeginde Türkmenistanda halkara standartlaryna laýyklykda keselleriň öňüni almak we olary anyklamak boýunça yzygiderli işler ýola goýuldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýokanç keselleriň öňüni almagyň milli ulgamyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, arassaçylyk epidemiologiýa gözegçiligi boýunça çäreleri güýçlendirmegiň zerurdygyny bellediler.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......