Bill Geýts pandemiýany Ikinji jahan urşy bilen deňeşdirdi we ony nädip ýeňmelidigini aýtdy

  • 28.04.2020 23:14
  • 7.4k+

Milliarder Bill Geýts öz blogynda COVID-19-y saklamak üçin tutuş dünýä näme etmegiň gerekdigini we nädip ykdysadyýeti dikeltmelidigini aýtdy. Bu barada vesti.ru habar berýär.
Bill Geýts koronawirus pandemiýasyny Ikinji jahan urşy bilen deňeşdirýär, şol wagtlar radardan, torpedadan we kriptografik şifrlemeden başlap, innowasiýalaryň sany artýar, bu bolsa urşy çalt tamamlamaga kömek edýär. Onuň pikiriçe, pandemiýa bilen göreşde adamlaryň ählisi bir tarapda, ýöne ozalky ýaly, häzir hem täze tehnologiýalar gerek. Bill Geýts koronawirusy ýeňmek üçin esasy üns bermeli bäş sany gurşawy tapawutlandyrýar.
Bejergi. Geýts bejergi usullarynyň köpüsiniň şowsuz boljakdygyny belleýär, ýöne olardan käbirleriniň her niçik-de bolsa bejergi işinde şowly boljakdygyna ynanýar. Adamlar futbol oýunlary ýa-da konsert ýaly jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini howpsuz ýagdaýda duýar ýaly, olar 95% netijeli bolan bejergä mätäçlik çekýärler diýip, Geýts aýdýar. Ol ganyň plazmasynyň ýa-da antibedenjikleriň, antiwirus enjamlarynyň we gidroksihlorokiniň ulanylmagynyň potensiallygyny belleýär.
Sanjymlar. Geýtsiň pikiriçe, adamlaryň kadaly saglyk ýagdaýyna dolanyp barmagynyň ýeke-täk usuly – bu sanjym. Geýts sanjymyň 18 aýdan peýda bolup biljekdigini aýdýar, ýöne taýýarlaýyş işleri iki ýyla çenli hem gidip biler.
Testden geçirme. Geýts Birleşen Ştatlara bir günüň içinde netijäni almak üçin koronawirus bilen bagly testden geçirme usullaryny taýýarlamak işini çaltlandyrmagyň gerekdigini aýdýar. Ol ähli medisina işgärleriniň testden geçirme işine ygtyýarynyň bolmalydygyny, keseliň alamaty bolmadyk ýarawsyzlaryň bolsa alamaty bolanlar barlagdan geçýänçä garaşmalydyklaryny belleýär.
Aragatnaşygy yzarlamak. Geýts keselliler bilen ýakyn gatnaşykda bolan adamlaryň testden birinji geçirilmelidigini aýdýar. Geýts köp ýurtlar Germaniýanyň göreldesine eýererler diýip hasaplaýar, häzirki wagtda ol ýerde koronawirus keselliler bilen aragatnaşykda bolan adamlaryň maglumat bazalary ýöredilýär.
Serhetleriň açylmagy. Geýts ösen ýurtlaryň köpüsi geljek iki aýda pandemiýanyň ikinji döwrüne geçer diýip hasaplaýar. Ol çinownikleriň jemgyýetiň abadançylygyna we saglygyna esaslanmak bilen ylalaşyk gazanmalydygyny sözüniň üstüne goşýar.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......