Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygynyň ugurlary maslahatlaşyldy

  • 27.04.2020 23:06
  • 2.5k+

27-nji aprelde Türkmenistanyň DIM-de ÝB-niň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we geljegine garaldy.
Adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly we ygtybarly halkara ýük daşamalaryny üpjün etmek boýunça Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýete eýe bolmagy bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar dürli ugurlarda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hem pikir alyşdylar.
Häzir dünýäniň ösüş meýillerini nazara almak bilen, energetika we ynsanperwer ulgamlary hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Diýego Ruiz Alonso Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin ÝB-niň täze Strategiýasynyň maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň çäklerinde Türkmenistan bilen has-da netijeli hyzmatdaşlyga umyt bildirýändigini aýtdy.

şu gün 01:12
685

2,4 müňden gowrak çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýaty bilen bejergi aldy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri, onuň goldawy bilen Türkmenistanda 758 sany operasiýa geçirildi. Arkadag......

şu gün 01:07
576

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde boldy we Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisini geçirdi

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol Gurbanguly Berdimuhamedow......

düýn 23:25
2.3k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady

Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi....

düýn 12:01
4.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu barada 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň......