Italiýanyň hökümeti karantin režiminiň gowşadylýandygyny habar berdi

  • 27.04.2020 16:54
  • 5.8k+

Italiýa 4-nji maýdan koronawirus epidemiýasy bilen göreşmek üçin öň girizilen çäklendirmeleri gowşatmak boýunça birnäçe çäreleri öz içine alýan “ikinji döwrüne” geçýär. Bu barada ýurduň premýer-ministri Juzeppe Konte metbugat maslahatynda habar berdi diýip, Regnum agentligi belleýär.
Ol 4-nji maýdan Italiýada ýerli hökümetler rugsat berse, gezelenç üçin şäher seýilbaglaryny we seýilgähleri açmak işiniň meýilleşdirilýändigini belledi. Mundan başga-da, ýurduň ýaşaýjylaryna sosial aradaşlygy berjaý etmek bilen indiwidual fiziki türgenleşikler bilen meşgullanmaga rugsat berler, şeýle-de professional sport bölümleri hem öz işini dikelder.
“Ýöne halky üýşürmeklige gadaganlyk galýar. Hususy we jemgyýetçilik şagalaňlaryny gurnamaga rugsat berilmeýär” – diýip, Konte belleýär. Premýer-ministr okuw ýylynyň ahyryna çenli bilim edaralaryny açmak mümkin bolmaz diýip mekdepler baradaky soraga hem gutarnykly jogap berdi.
Premýer-ministriň aýtmagyna görä, 18-nji maýa çenli sebitara hereketlere çäklendirme dowam eder, eger-de gatnaw zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda, ilki bilen, onuň maksadyny anyklamaly bolar. Ownuk haryt dükanlarynyň we muzeýleriň açylmagyna-da 18-nji maýa, gözellik salonlarynyň, dellekhanalaryň, barlaryň we restoranlaryň açylmagyna bolsa 1-nji iýuna çenli garaşmaly bolar.
Italýanlara ene-atalaryny görmek üçin gatnawy amala aşyrmaga rugsat berler, ýöne duşuşykda-da howpsuzlyk çäreleri berjaý edilmeli bolar, bolmasa keseliň täzeden güýçlenmegi ahmal.
Hökümet ýolbaşçysy her bir kärhananyň, ilkinji nobatda, hökmany bolan adamlaryň arasyndaky 1 m aradaşlyk bilen bir hatarda, howpsuzlyk çäreleriniň degişli normalaryny üpjün etmelidigini nygtady. Mundan başga-da, medisina maskalarynyň dakylmagy hem hökmanydyr.
 “Eger-de sen Italiýany gowy görýän bolsaň, distansiýany berjaý et” – diýip, Konte belleýär.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......