G20 ýurtlarynyň konferensiýasyny ABŞ bilen Hytaýyň dawasy sebäpli ýatyrdylar – habar beriş serişdeleri

  • 26.04.2020 07:26
  • 7.8k+

G20 ýurtlarynyň liderleriniň 24-nji aprele meýilleşdirilen wideokonferensiýasyny ABŞ-nyň we Hytaýyň wekilleriniň dawasy sebäpli soňky minutda ýatyrdylar, bu barada duşuşygy taýýarlamaga gatnaşan çeşmä salgylanmak bilen “South China Morning Post” neşiri habar berýär. Muny kommersant.ru ýetirýär.
Onuň aýtmagyna görä, Waşington bilen Pekin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) roluny bahalandyrmakda biri-birine gapma-garşy geldiler. Ýagny, ABŞ BSGG-niň koronawirus pandemiýasy bilen onuň irki tapgyrlarynda nähili baş alyp çykandygyna jogapkärçilik çekmelidigini talap edýär. Emma Hytaý bolsa bu guramanyň işiniň derňewden geçirilmegini hatda maslahatlaşmakdan hem düýpgöter ýüz öwürdi.
“Şeýlelik bilen konferensiýa soňky minutda ýatyryldy” – diýip, gazetiň söhbetdeşi belleýär. Onuň pikiriçe, ABŞ bilen Hytaý BSGG meselesinde ylalaşyga gelip bilseler ýa-da G20-iň jemleýji beýanatyna gurama degişli kesgitli bir pikiri girizmek barada ylalaşyp bilseler, onda sammidiň ýakynda geçmegi hem ahmal.
15-nji aprelde ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp BSGG-nyň maliýeleşdirilmesini saklady. Ol guramanyň koronawirus pandemiýasyna garşy “jogabyndan” nägile boldy. 23-nji aprelde Hytaý koronawirusa garşy göreş üçin BSGG-a goşmaça $30 mln bermek kararyna geldi.
SCMP göz öňünde tutulan bu konferensiýanyň “ýigrimiligiň” başlygy hasaplanylýan Saud Arabystany tarapyndan neşir edilen resmi sanawda görkezilmändigini ýatladýar. G20-iň guramaçylyk komiteti neşiriň bu wideokonferensiýanyň, hakykatdan hem, anna gününe meýilleşdirilipdirmi ýa-da dälmi diýen soragyna jogap bermedi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......