Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi 2021-nji ýylda Aşgabatda geçiriler

  • 25.04.2020 23:39
  • 3k+

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky XI mejlisi 2021-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Degişli resminama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X ýubileý mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Resminamada bellenilişi ýaly, bu karar Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak hem-de atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda kabul edildi.
Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, degişli daşary ýurtlaryň hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň birnäçesi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......