Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň metjidinde agzaçar sadakasyny berdi

  • 24.04.2020 23:00
  • 7.4k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde Aşgabadyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýerleşen metjitde agzaçar sadakasyny berdi.
Metjidiň içinde Beýik Biribardan türkmen topragyna parahatçylyk we asudalyk, halkymyza agzybirlik we jebislik, Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we uzak ömür, köpugurly işinde täze uly üstünlikler dileg edilip, aýat-töwir okaldy.
Soňra Döwlet Baştutany sadaka berilýän jaýa bardy. Bu ýerde türkmen Lideri Türkmenistan, onuň gadymy taryhy, özboluşly däpleri we häzirki güni barada döreden ajaýyp eserlerinden düşen galam haklarynyň hasabyna sadaka berdi.
Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Şondan soňra nahar çekildi. Nahardan soň, aýat-töwir okaldy we hormatly Prezidentimiziň mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde beren agzaçar sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.
Bu metjit 2018-nji ýylyň sentýabrynda açyldy. Umumy meýdany 13 müň inedördül metrden gowrak bolan metjidiň binagärlik keşbi milli binagärligiň iň gowy däplerine hem-de bu ulgamda häzirki zaman ýörelgelerine laýyk gelýär.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......