Kofe adamyň tagam kabul edişine täsir edýär

  • 24.04.2020 16:33
  • 7.3k+

Daniýanyň Orhussk uniwersitetiniň alymlary kofeniň tagam alyş duýga täsir edýändigini kesgitlediler. Bu barada ufatime.ru habar berýär.
Alymlar 156 adamyň gatnaşmagynda tejribe geçirip gördüler. Esasy testlerden soň, tejribä gatnaşyjylar ýyly espressony içdiler. Şundan soň olara tagam we ys bilen bagly ikinji teste taýýarlanmak üçin uly bolmadyk bulgurda suw içmek tabşyryldy.
Işiň netijesi süýji iýmit kofe bilen kabul edilen ýagdaýynda onuň has hem süýji bolýandygyny görkezdi. Bu kofe muşdaklarynyň gara şokolada ýykgyn etmegini hem düşündirýär. Işiň awtorlarynyň biriniň aýtmagyna görä, bu içgidäki madda ajy tagamy gowşadyp, süýji tagamy artdyrýar.
Barlagçylar kofeni içeniňden soň, adamyň süýjülige has duýgur bolýandygyny belleýärler. Bu tejribe garaşylmadyk netijäni berdi, sebäbi mundan öňki barlaglar ajy tagamlaryň ýiti täsiriniň süýji tagamlaryň kabul edilmegini gowşadýandygy baradaky pikiri çaklaýardy. Alymlar kofeinsiz hem kofe bilen tejribe geçirip gördüler we ýene-de  şol netijäni aldylar. 
Bu bolsa kofeiniň kofe içilenden soňky tagam duýgularynyň üýtgemeginde üýtgeşik rol oýnamaýandygyny görkezýär. Kofede ajy tagamdan süýji tagama geçiş döredýän näbelli birikmeler kombinasiýasy bar diýlip çaklanylýar.
Geçirilen tejribe adamyň tagam reseptorlarynyň nähili işleýändigine düşünmäge kömek eder. Gazanylan bilimler iýmit rasionynda şekeriň we kaloriýanyň derejesini peseltmekde ulanylyp bilner, bu bolsa artykmaç agramly we diabetli adamlar üçin peýdaly bolar.

düýn 18:22
8.5k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....