Türkmenistan we Özbegistan önümleriniň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär

  • 24.04.2020 14:16
  • 6.2k+

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşyk türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň, şol sanda söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlandy.
Taraplar özara söwdanyň, maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmak, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak üçin biziň ýurtlarymyzyň mümkinçiliklere eýedigini bellediler.
Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny giňeltmegiň zerurdygy barada aýdyp, duşuşyga gatnaşyjylar dokma, ýüpek, nebitgaz, himiýa senagatlarynyň önümleri bilen birlikde, Türkmenistanda we Özbegistanda öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Oba hojalyk tehnikalaryny we awtoulaglary ibermek babatdaky hyzmatdaşlyk, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hereketleriň hatarynda agzaldy.
Taraplar Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň ähmiýetini belläp, islegleri hem-de goňşy döwletleriň bar bolan mümkinçiliklerini nazara alyp, gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek ugrunda pikirlerini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine giňişleýin garaldy.

şu gün 01:12
383

2,4 müňden gowrak çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýaty bilen bejergi aldy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri, onuň goldawy bilen Türkmenistanda 758 sany operasiýa geçirildi. Arkadag......

şu gün 01:07
438

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde boldy we Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisini geçirdi

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol Gurbanguly Berdimuhamedow......

düýn 23:25
2k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady

Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi....

düýn 12:01
4.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu barada 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň......