«Atda wepa-da bar, sapa-da» kitaby nemes, türk we arap dillerine terjime edildi

  • 23.04.2020 23:19
  • 2.9k+

23-nji aprelde Lebap welaýat kitaphanasynyň maslahatlar zalynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň nemes, türk we arap dillerine terjime edilen neşirleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Naýthart Höfer — Wissing, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdulaziz Al Haşimi bar.
Dabaranyň barşynda wideoaragatnaşyk boýunça Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katerina-Irena Ýakob Assosiasiýanyň döredilmeginiň gözelligi we ýyndamlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça türkmen seýisleriniň tejribesini giňden öwrenmäge ýardam edendigi barada gürrüň berdi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň baş sanyny Türkmenistanyň çäklerinden daşarda, şol sanda Germaniýada artdyrmak işinde uly orun eýeledi.
Kitaphananyň eýwanynda 2020-nji ýylyň ýaz möwsüminde Ahal we Lebap welaýatlarynyň goraghana zolaklarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan tapyndylaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......