Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Baş sekretary koronawirus bilen bagly meseläni maslahatlaşdy

  • 22.04.2020 22:57
  • 10k+

22-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri we şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy, bu düzümler bilen bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde uly tejribe toplanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bütin dünýäni tolgundyrýan koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly meselä degilip geçildi.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde adamzat giň geografik giňişlikleri gurşap alan hem-de köp sanly döwletleriň we halklaryň adaty durmuşyny üýtgedýän täze, örän howply ýagdaýa gabat geldi. Şunuň bilen baglylykda, ýüze çykan bu howpa garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirjek ýeke-täk, hemmetaraplaýyn halkara düzümi hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň ähmiýeti öňküden-de ýokarlanýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam edip, dünýäde durnukly ýagdaýy gorap saklamak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň edýän tagallalarynyň häzirki çylşyrymly döwürde raýdaşlyk ýagdaýyny döredýändigini hem-de ähli döwletleriň sazlaşykly hereket etmegi üçin esas bolup hyzmat edýändigini belledi.
Koronawirusa garşy göreşmäge gönükdirilen öňüni alyş çäreleriniň, şeýle hem beýleki işleriň uly ähmiýetiniň bardygyna düşünip, ýurdumyz bu işleri yzygiderli alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 30-njy martynda koronawirus ýokanjyna garşy göreşe taýýar bolmak we bu ugurda degişli işleri geçirmek baradaky Milli meýilnamalary taýýarlamak hakynda BMG-niň Baş sekretarynyň öňe süren teklibi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Hökümeti häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysy hem-de ýurtlar boýunça agentlikleri bilen bilelikde döwletimiz üçin Milli meýilnamany taýýarlamak işlerini tamamlap barýar. Bu meýilnama ýakyn wagtda serediler. Türkmenistanyň Prezidenti pandemiýa garşy alnyp barylýan göreşde ähli döwletlere milli maliýe-ykdysady ulgamlaryny hem, umuman, dünýä ykdysadyýetini hem kadaly ýagdaýda saklamaga mümkinçilik berýän işiň täze görnüşleriniň we usullaryň gözleniljekdigine ynam bildirdi.

şu gün 01:12
383

2,4 müňden gowrak çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýaty bilen bejergi aldy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri, onuň goldawy bilen Türkmenistanda 758 sany operasiýa geçirildi. Arkadag......

şu gün 01:07
438

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde boldy we Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisini geçirdi

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol Gurbanguly Berdimuhamedow......

düýn 23:25
2k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady

Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi....

düýn 12:01
4.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu barada 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň......