Nýu-Ýork ştatynda wideoaragatnaşyk arkaly nikadan geçmäge rugsat edilýär

  • 21.04.2020 23:55
  • 5.6k+

Amerikanyň Nýu-Ýork ştatynyň hökümeti täze koronawirus pandemiýasy şertlerinde onuň ýaşaýjylaryna uzak aralyk režiminde wideoaragatnaşyk boýunça nikadan geçmäge rugsat berýär. Şeýle bildiriş bilen gubernator Endrýu Kuomo žurnalistler bilen duşuşygynda çykyş etdi, duşuşyk onuň saýtynda görkezildi, bu barada Trend TACC-a salgylanmak bilen habar berýär.
“Şu gün biz adamlara uzak aralyk režiminde nika şahadatnamasyny almaga, kanselýariýa gullukçylaryna bolsa nikalaşma dabarasyny wideoaragatnaşyk boýunça geçirmäge mümkinçilik berjek permana gol çekeris” – diýip, ştatyň gubernatorynyň orunbasary Melissa DeRossa mälim etdi. “Gürrüň nika degişli halatynda, hiç hili sebäp bolup bilmez” – diýip, Kuomo onuň sözüniň üstüni ýetirýär.
Şonuň bilen birlikde ol COVID-19 ýaýrap başlanyndan bäri ýurtda aýrylyşýanlaryň sanynyň artandygyny, şol bir wagtda nikalaşmak boýunça görkezijiniň peselendigini belledi. Ýöne gubernetor bu görkezijiler barada anyk maglumatlary getirmedi.
Amerikan hökümetiniň, BSGG-nyň we beýleki resmi çeşmeleriň maglumatlary esasynda hasap çykarýan Jons Hopkinsiň Uniwersitetiniň maglumatlary boýunça, häzirki wagta çenli Nýu-Ýork ştatynda täze koronawirus zerarly 17 131 adam ýogaldy. 235 müňden gowrak adam bolsa kesellän.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......