Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 20.04.2020 23:01
  • 3.2k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 20-nji aprelde Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzda ýaýbaňlandarylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk meselelerine garaldy.
Maslahatyň başynda ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly gurluşyk binalarynda alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň şanyna guralýan çäreler hem-de tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty welaýatlaryň hakimleriniň hasabatlary bilen dowam etdi. Hususan-da, sebitlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek, güýzlük ak ekinlere degişli derejede ideg işlerini ýola goýmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berildi. Ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edip, bol hasyl ýetişdirmek boýunça zerur çäreleri görmek babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnamak üçin galla oragyna ähli ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidir.
Döwlet Baştutany sebitleriň ýaşaýyş-durmuş düzümini kämilleşdirmek meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanylmagynyň wajypdygyny belläp, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, täze desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde uly şöhrat gazanan hem-de halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiziň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

şu gün 10:10
730

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
861

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
4.6k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...

şu gün 07:35
5.6k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi...