Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

  • 19.04.2020 11:00
  • 7.2k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Maltadan, Gazagystandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny hem-de binýatlyk ýagy satyn aldylar. Russiýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň ECO 93 kysymly awtobenzinini we polipropilenini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Russiýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Maltadan, Gyrgyzystandan, Owganystandan gelen telekeçilere daşary ýurt puluna el halylary we nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 33 million 977 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Hytaýdan we Owganystandan gelen işewürler jemi bahasy 2 million 684 müň manatlykdan gowrak dokma önümlerini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 35 million 149 müň manatlykdan gowrak «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, polipropileni hem-de plastik poddonlary, pagta süýümini, haly önümlerini satyn aldylar.

şu gün 01:12
383

2,4 müňden gowrak çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýaty bilen bejergi aldy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri, onuň goldawy bilen Türkmenistanda 758 sany operasiýa geçirildi. Arkadag......

şu gün 01:07
438

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde boldy we Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisini geçirdi

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol Gurbanguly Berdimuhamedow......

düýn 23:25
2k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady

Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi....

düýn 12:01
4.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu barada 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň......