Ýaponiýa ilatyna pul kömegini berip başlar

  • 17.04.2020 23:25
  • 5.5k+

Ýaponiýanyň hökümeti ýaşaýjylara koronawirus ýaýrawy bilen bagly ýagdaý sebäpli maý aýynda goldaw hökmünde 100 müň iýenden (926 ABŞ dollary) bermek baradaky karara geldi, bu barada Bloomberg agentligine salgylanmak bilen yandex.ru habar berýär.
Öň serişdeleri girdejileri ýokary derejede peselen öý hojalyklaryna ibermek göz öňünde tutulypdy. Hökümetiň aýtmagyna görä, şeýle shemada pul has köp çykýardy. Şeýle-de tölegi almak üçin resminamalary ýygnamak we berişdirmek işleri infeksiýanyň ýaýramagyna howp döredip bilerdi.
Her bir ýaşaýja pul kömegini bermek baradaky pikiriň tankytçylary 126 mln ilaty bolan Ýaponiýada onuň durmuşa geçirilmegi üçin bir aý gerek bolar diýip belleýärler. Ýöne Ýaponiýanyň maliýe ministri kömek üçin ähli serişdeleriň maýa çenli taýýar boljakdygyna ynandyrýar.
17-nji aprelden Ýaponiýanyň ähli territoriýasynda adatdan daşary ýagdaý režimi hereket edýär. Ýerli ýaşaýjylar öýlerinden çykmaly däl, kompaniýalar öz işlerini bes etmeli bolýar. Öň bu režim diňe Tokiada, Osakada we Ýaponiýanyň ýene-de bäş sany prefekturasynda hereket edýärdi. Soňky maglumatlar boýunça, ýurtda 8 626 adam kesellän, 178 adam ýogalan, 901 adam bolsa gutuldy.
Ilata töleg töläp başlamak niýetiniň bardygy barada Ispaniýanyň hökümeti hem habar berdi. Maliýe kömeginiň möçberi heniz kesgitlenenok, ýöne çinownikler 500 ýewro möçberindäki bahany maslahatlaşýarlar. ABŞ-da ululara $1200-den, çagalara bolsa $500-den töleýärler.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......