2020-nji ýylda Türkmenistan boýunça 82 müň 400 tonna şaly hasyly öndüriler

  • 17.04.2020 23:13
  • 6k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda 2020-nji ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda önümçiligini we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmegi üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.
Şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekip, 82 müň 400 tonna şaly hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, Daşoguz welaýatynda 8 müň 100 gektardan 35 müň tonna hem-de Lebap welaýatynda 10 müň 200 gektardan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak meýilleşdirilýär.

şu gün 01:12
383

2,4 müňden gowrak çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýaty bilen bejergi aldy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri, onuň goldawy bilen Türkmenistanda 758 sany operasiýa geçirildi. Arkadag......

şu gün 01:07
438

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde boldy we Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisini geçirdi

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol Gurbanguly Berdimuhamedow......

düýn 23:25
2k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady

Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi....

düýn 12:01
4.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu barada 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň......