Türkmenistan Russiýa bilen teplowozlary we ätiýaçlyk şaýlary ibermek meselesini maslahatlaşdy

  • 17.04.2020 23:03
  • 5.8k+

Wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Russiýa Federasiýasynyň «Transmaşholding» paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda wekiliýetleriň agzalary hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanmalary tassyklap, hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki tagallalary diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şundan ugur alyp hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, taraplar önümçilik, teplowozlary we olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny ibermek hem-de hyzmat etmek meselelerine garadylar.
Web-pikir alyşmalaryň çäginde, şeýle hem abatlaýyş we lokomotiw işçiler toparlaryny okatmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
«Transmaşholding» paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň ulag gurluşygy bazarynda öňdäki orny eýeleýär hem-de şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz ulag-logistika ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup, netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär.

şu gün 01:12
383

2,4 müňden gowrak çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýaty bilen bejergi aldy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri, onuň goldawy bilen Türkmenistanda 758 sany operasiýa geçirildi. Arkadag......

şu gün 01:07
438

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde boldy we Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisini geçirdi

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol Gurbanguly Berdimuhamedow......

düýn 23:25
2k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady

Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi....

düýn 12:01
4.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu barada 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň......