Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideokonferensiýa görnüşinde mediaforum geçirildi

  • 17.04.2020 22:52
  • 2.3k+

17-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen halkara media-forumy geçirildi.
Media-foruma Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň professor-mugallymlary, milli habar beriş serişdelerimiziň wekilleri, ylmy işgärler, bilermenler, şeýle-de «МIR», «ТАSS», «TRT AVAZ», ТW-24, «NEWS ASTRO», «Аzertadj», «Anadoly Ajansy», «Аrminfo», «Ženmin Žibao», «Kazinform», «Мangistau-Media», «Noýan Tapan», «NHK», «Chinadaily», «News Day Georgia», «Daily Ittehad», «Business Central Asia», «Kabar», «Psearcher», MIA Trend, «UzReport», «NEWS ASTRO», «Nowosti Uzbekistana» we Aziýa-Kawkaz täzelikleriň redaksiýasy ýaly iri habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Habarlar agentlikleri bilen bir hatarda media-foruma beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda RF-niň DIM-niň «Meždunarodnaýa žizn» žurnaly, «Istanbool today», «Diplomatik Gozlem», «The Diplomatic Insight», «The Georgian Business Week», «Diva International» žurnallarynyň we «Rossiýskaýa gazeta», «Mnogonasionalnaýa Gruziýa» ýaly gazetleriň, şeýle-de «Оbýektiw» teleýaýlymynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Şeýle-de duşuşyga daşary ýurtlaryň tanymal ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professorlary, abraýly halkara jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we dünýäniň 20-den gowrak ýurtlaryndan 50-den ýokary habarçylar gatnaşdylar.
Çykyşlarynyň dowamynda çykyş edenler ýokary adamkärçilik gymmatlyklarynyň ilerledilmegine, dünýäde parahatçylyk we işjeň gatnaşyklaryň ileri tutulmagy bilen ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk derejesi baradaky öz nukdaýnazarlaryny beýan etdiler. Media-forumyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilýän we wagtyň synagyndan geçen Bitaraplyk syýasatynyň üstünliklerini beýan edýän wideorolik görkezildi.
Çärä gatnaşyjylar «sowal – jogap» görnüşinde hem türkmen Bitaraplygynyň meseleleri babatynda pikirleri alyşdylar.

şu gün 10:10
732

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

şu gün 09:43
866

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...

şu gün 07:35
4.6k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi...

şu gün 07:35
5.6k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi...