Onýyllygyň iň meşhur aýdymlarynyň 10-lugy düzüldi

  • 16.04.2020 23:24
  • 8.2k+

Ekspertler onýyllygyň iň meşhur aýdymlarynyň 10-lugyny düzdüler. Sanawyň birinji orny “Гадкий я — 2” multfilmine saundtrek hökmünde ýazylan Farrel Uilýamsyň “Happy” aýdymyna degişli boldy. Britan çartlarynda bu aýdym meşhurlygy boýunça 8-nji orna eýe boldy. Reýtingiň ikinji setirini Adel “Rolling In The Deep” aýdymy bilen eýeledi. Aýdymçynyň şu kompozisiýasy bilen çykarylan ikinji albomy “Gremminiň” üç baýragyna eýe boldy.
Maroon 5 bilen Kristina Agileranyň bilelikde ýerine ýetiren “Moves Like Jagger” aýdymyna bolsa reýtingiň üçünji orny degişli boldy. Bu kompozisiýa öň amerikan çartynda birinji setiri eýeledi.
Onýyllygyň iň meşhur aýdymlarynyň onlugyna “I Gotta Feeling” aýdymy bilen Black Eyed Peas topary, King of Leon toparynyň aýdymy, Bruno Mars bilen Mark Ronsonyň “Uptown Funk” aýdymy, Daft Punkdan “Get Lucky” we Jastin Timberleýkiň “Can’t Stop The Feeling!” aýdymlary, şeýle-de One Republic toparynyň “Counting Stars” hem-de Si Lo Griniň “Forget You” aýdymlary girizildi, bu barada BBC neşirine salgylanmak bilen vm.ru habar berýär.
Bu reýting aýdymlaryň Beýik Britaniýanyň efirinde eşitdiriliş ýygylygyny hasaba almak bilen düzüldi.
Mart aýynyň ahyrynda “Яндекс.Музыка» adamlaryň izolýasiýa wagtynda näme diňleýändiklerini bilmek üçin ýörite derňew geçirdi. Onuň netijesinde öňdebaryjy orunda 2000-nji ýyllaryň hitleriniň we durmuşy ykrar ediji aýdymlarynyň durýandygy anyklanyldy. Ýöne sanawda gyzykly sesler hem bar. Meselem, bankomatdan kupýuranyň sesi, pişikleriň myrryldysy we ş.m.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....