Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna girmegiň meselelerini öwrenýär

  • 15.04.2020 23:10
  • 4.4k+

15-nji aprelde Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Toparyň mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesini almagyna degişli anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýygnananlar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmeginiň, ilkinji nobatda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ulgamlarynyň ösüşini işjeňleşdirjekdigini nygtadylar.
Hususan-da, bular uglewodorod serişdelerine, gazy we nebiti gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleriň gurulmagyna degişli ulgamlardyr. Bütindünýä söwda guramasyna kabul edilenden soň, döwlete ähli halkara guramalarynyň has amatly şertleri degişli bolýar, ykdysady ýeňillikler berilýär.
Şeýlelikde, BSG-ä girmek boýunça alnyp barylýan işler Türkmenistanyň dünýäde geljekde eýelejek ornunyň berkidilmegine, ählumumy işlere işjeň gatnaşmak bilen birlikde, özüniň bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryny has oňaýly peýdalanmak mümkinçiligine gönükdirilendir. Bu bolsa, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ykdysady derejesiniň ýokarlanmagyna getirer, karzlaryň we maýa goýumlaryň gelmegine kömek eder.
Mälim bolşy ýaly, halkara söwdasyny ýönekeýleşdirmek we bu ulgamda agza döwletleriň gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen 1995-nji ýylda döredilen Bütindünýä söwda guramasy täze söwda ylalaşyklarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna hem-de ornaşdyrylmagyna jogap berýär, şeýle hem dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan gol çekilen we olaryň parlamentleri tarapyndan tassyklanylan şertnamalaryň bu guramanyň agzalary tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik edýär. Türkmenistanyň bu halkara düzümine girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek maksady bilen, 2019-njy ýylyň iýul aýynda ýörite hökümet topary döredildi.

şu gün 01:12
383

2,4 müňden gowrak çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýaty bilen bejergi aldy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri, onuň goldawy bilen Türkmenistanda 758 sany operasiýa geçirildi. Arkadag......

şu gün 01:07
438

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde boldy we Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisini geçirdi

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol Gurbanguly Berdimuhamedow......

düýn 23:25
2k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady

Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi....

düýn 12:01
4.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu barada 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň......