Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň wezipeleri maslahatlaşyldy

  • 15.04.2020 23:01
  • 1.8k+

15-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde 2020-nji ýyl üçin hereketleriň meýilnamasyny ornaşdyrmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň birinji mejlisi geçirildi.
Duşuşyga ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Mejlisiň, Ylymlar akademiýasynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenler gatnaşdylar.
Mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylar Utgaşdyryjy toparyň agzalarynyň, hususan-da Türkmenistanyň daşary işler ministriniň, maliýe we ykdysadyýet ministriniň, şeýle-de söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrleriniň orunbasarlarynyň çykyşlaryny diňlediler. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» ähmiýetini aýratyn nygtamak bilen, olar bu ugurda şu ýylyň birinji çärýeginde durmuşa geçirilen işler barada jikme-jik gürrüň etdiler.
Resminamalary resmileşdirmek we maglumatlary bermek boýunça halkara iş tejribesinde ulanylýan «Bir penjire» ulgamyny döretmek maksatnamada aýratyn ugur hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda görülýän çärelere aýratyn üns berildi.

şu gün 01:12
383

2,4 müňden gowrak çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýaty bilen bejergi aldy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri, onuň goldawy bilen Türkmenistanda 758 sany operasiýa geçirildi. Arkadag......

şu gün 01:07
438

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde boldy we Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisini geçirdi

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol Gurbanguly Berdimuhamedow......

düýn 23:25
2k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady

Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi....

düýn 12:01
4.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu barada 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň......