ABŞ Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna töleg geçirmegini bes etdi

  • 15.04.2020 09:09
  • 9.9k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna (BSGG) töleg geçirmesini togtatdy. Bu barada sişenbe güni ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp brifingiň dowamynda aýtdy, diýip Trend agentligi TASS-a salgylanyp habar berýär.
«Şu gün men BSGG-niň koronawirusyň ýaýramagy hakynda maglumatlary ýaşyrandygy we ýaramaz dolandyryşy bilen bagly bahalandyrma geçirilýänçä gurama tölegleri saklamak hakynda administrasiýa tabşyryk berdim. Hemmeler nämäniň bolup geçendigini oňat bilýär. Amerikan salgyt töleýjileri BSGG-niň býujetine her ýylda 400-500 mln dollar töleýärdi. Deňeşdirip görmek üçin Hytaý 40 mln dollar töleýärdi» - diýip Tramp aýtdy.
«Guramanyň esasy hemaýatkäri hökmünde ABŞ BSGG-niň ähli jogapkärçiligi doly çekmegini talap edýär. Hytaý we beýleki döwletler bilen howa gatnawyny gadagan etmek boýunça ABŞ-nyň kararynyň tankytlanylmagy iň howply çözgütleriň biri boldy. Bagtymyza, men olaryň maslahatlaryny diňlemän, howa gatnawlaryny togtatdyk we netijede müňlerçe adamyň janyny halas etdik <...> BSGG-niň maslahatlaryna eýerip, serhetlerini açyk goýan beýleki ýurtlara, aýratyn hem, Ýewropa ýurtlaryna seredip görüň».

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......