Apple bilen Google COVID-19-a garşy göreşde hyzmatdaş boldular

  • 14.04.2020 23:23
  • 3.7k+

Ýaňy-ýakynda Apple bilen Google koronawirus ýaýrawy we şeýle keseller bilen göreşmek üçin bar bolan programma we apparat enjamlarynyň hem-de tehnologiýalarynyň esasynda umumy kömekçi platformasyny işläp taýýarlamak boýunça global taslamada hyzmatdaş bolandyklaryny habar berdiler, bu barada m.habr.com belleýär.
Kompaniýanyň hyzmatdaşlykly taslamasy iOS we Android gurluşlaryny ulanyjylar üçin koronawirus ýaýrawyny meýletin yzarlamanyň bilelikdäki goragly mobil sistemasyny işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Ýagny, dürli kompaniýalaryň smartfonlaryny we gajetlerini ulanyjylar olaryň koronawirus barlygy mümkin bolan adam bilen gatnaşykda bolandyklary barada öňünden habarly bolar ýaly.
Bu waka barada Google we Apple ýolbaşçylygy Twitterde resmi taýdan habar berdiler:
“Biziň ählimiz, Apple-iň we Google-iň işgärleri, iň bir zerur bolan dünýä meseleleriniň birini çözmek boýunça bilelikde işlemek üçin mundan öň şular ýaly möhüm pursat hiç haçan bolmadymyka diýip pikir edýäris. Işläp düzüjiler, hökümetler we saglygy goraýşyň jemgyýetçilik guramalary bilen özara gatnaşygyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň netijesinde biz ýurtlara COVID-19 ýaýrawyny tutuş dünýä boýunça gowşatmaga kömek etmek we adaty durmuşa dolanyşygy tizleşdirmek üçin tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaklyga umyt bildirýäris – diýip kompaniýalar belleýär.
Ulanyjylaryň taslamanyň mobil programmasyny ulanjak gurluşlary Bluetooth arkaly belli bir maglumatlary alyş-çalyş ederler. Taslamanyň merkezleşdirilen sistemasy sistema näbelli bolan ulanyjylaryň arasyndaky kontaktly aragatnaşyklar baradaky fakty bellär, aragatnaşygyň bolýan ýerini, onuň wagtyny we beýleki şertleri hem-de parametrleri seljerer, bu aragatnaşygyň näbelli maglumatlaryny umumy bazada saklar.
Ulanyjylaryň biri koronawirus bilen keselländigini bilen ýagdaýynda, saglygy goraýyş organlarynyň barlanan informasion sistemalary tarapyndan bu informasiýa umumy baza girizilenden soň, onuň bilen öň gatnaşyga giren beýleki ulanyjylar olaryň koronawirus barlygy mümkin bolan adam bilen aragatnaşykda bolandyklary barada duýduryş alarlar, netijede olara barlagdan geçmek teklip ediler ýa-da anyk medisina görkezmeleri berler.
Bu sistemanyň ulanylmagy ulanyjylaryň howpsuzlyk derejesini pese düşürmez we olaryň şahsy durmuşyna goşulmazlyk boýunça hukuklarynyň bozulmagyna getirmez. Apple bilen Google 2020-nji ýylyň maýynda iOS we Android gurluşlarynyň arasynda medisina programmalarynyň sazlaşygyny üpjün ediji abzallary çykarjakdyklaryny habar etdiler.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......