Italiýada koronawirus ýaýrawynyň depgini peseldi

  • 12.04.2020 23:00
  • 8k+

Italiýada koronawirus infeksiýasynyň ýaýrawynyň depgini haýallady, ýagny soňky günlerde kesellemegiň täze ýagdaýlarynyň sany bir müň üç ýüz togsan alta barabar boldy, bu bolsa öňkä garanda 10% pesdir. Bu barada 10-njy aprelde Italiýanyň raýat goragy Departamentinde habar berildi, diýip sovetov.su bu maglumaty ýetirýär.
Edaranyň maglumatlaryna görä, bu görkeziji bir aý üçin rekord bolup durýar. Ýöne ölüm bilen gutarmak sanynyň bäş ýüzden gowrak adam derejesinde saklanýandygy bellenilýär. Ýagny, geçen günlerde 570 adam ýogaldy. Ölüm bilen gutaranlaryň umumy sany 18849-a ýetýär, bu bolsa häzirki wagtda dünýäde iň ýokary görkeziji bolmagynda galýar. Ýurtda keseliň jemi 147,5 müň ýagdaýy hasaba alyndy.
Mundan başga-da, epidemiýanyň başlanan wagtyndan bäri gutulanlaryň umumy sany 30 müňden geçýär. Intensiw terapiýa bölümlerinde bejergi alýan ýarawsyzlaryň sany hem peselýär. Häzirki wagta çenli koronawirus boýunça 900 müňden gowrak testiň geçirilendigi aýdyňlaşdyrylýar.
10-njy apreliň maglumatlary boýunça täze görnüşli koronawirus bilen ýogalanlaryň sany dünýäde 100 müň adamdan geçdi. Şeýle maglumaty Jons Hokinsiň (ABŞ) uniwersiteti getirýär.
Epidemiýanyň başlanan ýeri bolan Hytaý bolsa koronawirusdan üstün çykylandygyny habar berýär. Hökümetiň maglumatlaryna laýyklykda, ýurtda jemi birnäçe müň keselli galdy, 83 müň keselliden bolsa 3,3 müňden gowragy ýogaldy. Epidemiýanyň ojagy Uhanda 76 günläp ýapyk duran çykyş ýollary açyldy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......