Bloomberg koronawirusyň dünýä ykdysadyýetine ýetirjek zyýanyny $5 trln diýip bahalandyrdy

  • 11.04.2020 23:50
  • 8k+

Bloomberg kompaniýasynyň analitikleri koronawirus ýaýrawy sebäpli dünýä ykdysadyýeti üçin umumy zyýanyň iki ýylyň içinde 5 trillion dollara barabar boljakdygyny hasapladylar diýip, ren.tv saýty habar berýär. Bu pul möçberi Ýaponiýanyň hyzmatlarynyň we haryt önümçiliginiň ýyllyk göwrüminden hem ýokary geçýär.
Häzirki wagtda wirus sebäpli hökümetleriň bizneslere işlerini bes etmegi, adamlara bolsa öýde oturmagy tabşyrandyklary sebäpli, dünýäniň “1930-njy ýyllardan soňky asuda durmuşda iň güýçli resessiýa ýagdaýyna” girişýändigi bellenilip geçilýär.
Şonuň bilen birlikde ekspertler ykdysady taýdan beýle pese düşmäniň dowamly bolmajakdygyny belleýärler, ýöne her niçik-de bolsa, “ýitirilen zadyň öwezini dolmak” üçin wagt gerek bolar. Hiç bolmanda 2022-nji ýyla çenli dünýäniň JIÖ-i çökgünlikden öňki derejä dolanmaz diýip ekspertler hasaplaýarlar. Ýöne 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde has ösen ýurtlaryň JIÖ-iniň çökgünlikden öňki derejä gelmegi ahmal.
Dünýä söwdasynyň göwrüminiň COVID-19 koronawirus pandemiýasy zerarly pese düşmegi şu ýylda 30%-e barabar bolar diýip Bütindünýä söwda guramasy habar berýär (BSG). “Dünýä söwdasynyň 2020-nji ýylda 13-32% peselmegine garaşylýar, sebäbi COVID-19 pandemiýasy kadaly ykdysady işjeňlige we tutuş dünýädäki ýaşaýşa zyýan ýetirýär” – diýip, BSG-da bellenilýär.
Häzirki wagtda tutuş dünýä boýunça koronawirus 1,5 mln adamda ýüze çykaryldy, olardan 88 müňüsi aradan çykdy, 328 661-si gutuldy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......