Alymlar: Kompýuter oýunlary wizual ünsi kämilleşdirmäge kömek edýär

  • 11.04.2020 23:23
  • 3.4k+

Hytaýyň neýrofiziologlary hemişe kompýuter strategiýalaryny oýnaýan adamlaryň beýnisiniň işleýşine gözegçilik etdiler we bu olaryň ünslüligini görüş meýdanynda esasy zady çalt aýratynlandyrmak ukybyny gowulandyrmak bilen ýokarlandyrýar diýen netijä geldiler. Şeýle netijeler bilen makala “Frintiers in Human Neuroscience” žurnalynda neşir edildi diýip nauka.tass.ru habar berýär.
“Biziň gözegçiligimiz strategiýada oýun tejribeliginiň adamyň ünslüliginiň seçijiligini kämilleşdirýändigini görkezdi. Esasanam, ökde oýunçylar özleriniň kognitiw resurslaryny dürli maksatlary kabul etmäge gözegçilik etmek bilen has netijeli dolandyrýardylar. Bu bolsa şeýle oýunlary ünslüligi türgenleşdirmek üçin ulanyp boljakdygyny görkezýär” – diýip, Hytaýyň tehnologiýalar we elektronika uniwersitetiniň neýrofiziology belleýär.
Soňky 20 ýyl bäri kompýuteriň zyýany we peýdasy babatda, olaryň çagalaryň we uly ýaşlylaryň özüni alyp barşyna, şeýle-de adamyň beýnisiniň işleýşine täsir edýändikleri barada jedelleşikler gidýär.
Ýaňy-ýakynda bu mesele bilen neýrofiziologlar we psihologlar gyzyklandy. Olaryň eksperimentleri we gözegçilikleri kompýuter oýunlarynyň käbirleriniň gysga wagtlaýynlyk ýat we adamyň reaksiýasy üçin peýdalydygyny, beýlekileriň bolsa uzakwagtlaýyn ýada erbet täsir edýändigini görkezdi.
Ekspertler kompýuter strategiýalarynyň oýunçylaryň ünsüni hem-de dürli obýektlerde fokusirlenmegini talap edýän belli bir görnüşlerinde ýokary tejribeligiň olaryň beýnisiniň gerekli we gerekmejek maglumatlary “süzgüçden geçirip” bilmek ukybyna täsir edýändigini öwrendiler.
Bu soraga jogap bermek üçin neýrofiziologlar uniwersitetden 40 talypdan ybarat topary ýygnadylar, olaryň ýarysy özünde strategiýanyň we ekşeniň (kompýuter oýunlarynyň žanry) elementlerini jemleýän “League of Legends” oýnuny oýnamaga ökdediler. Alymlar kompýuteriň ekranyna tötänleýin basylan harplary we sanlary çaltlyk bilen çykardylar we meýletinçilere diňe kesgitli simwollary gören ýagdaýlarynda düwmä basmagy tabşyrdylar.
Eksperimentiň netijesine görä, League of Legends oýnuny oýnamakda professional oýunçylaryň beýnisi eksperimente gatnaşan beýleki talyplaryň nerw sistemasyna garanda şeýle signallary has çalt özleşdirdiler. Ortaça baha bilen olar düwmä 96-98% ýagdaýda dogry basdylar, az tejribeli oýunçylaryň bu görkezijileri kähalatlarda 86%-e çenli pese düşdi.

12.06.2026 18:22
8.9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....