Türkmenistanda koronawirus bilen bagly ýaramaz ýagdaýlaryň täsirine garşy göreş meseleleri maslahatlaşyldy

  • 09.04.2020 09:45
  • 11k+

8-nji aprelde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň hem-de bilim ministri M.Geldinyýazowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda dünýäde ýaýran koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlaryň täsirine garşy göreşmek meseleleri we Türkmenistana bu keseliň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, bilimiň, ylymyň hem-de önümçiligiň özara baglanyşygyny yzygiderli pugtalandyrmak wezipelerine garaldy.
Döwlet Baştutany bu howply keseliň Türkmenistanyň çägine mundan hem beýläk ýokuşmaz ýaly degişli işleriň öz wagtynda geçirilendigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu çylşyrymly ýagdaýyň dünýäde dowam edýändigini nazara alyp, mundan beýläk hem onuň Türkmenistanyň çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ähli tagallalar edilmelidigini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow howply ýokanç keseliň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň ähmiýeti barada aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän zerur çäreleriň yzygiderli hem-de hemmetaraplaýyn häsiýete eýe bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Munuň özi ilatyň saglyk ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagynda, ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda aýratyn wajypdyr.

Şu ugurda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaklaryny, sport maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmeklerini wagyz edýän degişli çäreleriň ýola goýulmagy häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......