Ýaponiýa koronawirus zerarly adatdan daşary ýagdaý režimini girizýär

  • 08.04.2020 23:30
  • 6.2k+

Koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda Ýaponiýa sişenbe gününden adatdan daşary ýagdaý režimini girizýär. Munuň sebäbi Tokioda bir gije-gündiziň dowamynda kesellänleriň rekord sanynyň hasaba alynmagyndan ybaratdyr. Bu barada Kyodo agentligi habar berýär. Agentligiň maglumatlaryna laýyklykda, çäklendiriji çäreler paýtagt sebitine, şeýle-de Osaka, Saýtama, Kanagawa, Tiba, Hýogo we Fukuoka prefekturalaryna degişli bolar. Adatdan daşary ýagdaý režimi 6-njy maýa çenli dowam eder diýip kommersant.ru habar berýär.
Bu režimiň yglan edilmegi ýerdäki hökümetlere hökmany karantini girizmäge, okuw edaralaryny we beýleki obýektleri ýapmaga, köpçülikleýin çärelerden ýüz öwürmäge, gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de hökümetler kesel bejeriji edaralaryň ýetmezçilik eden ýagdaýynda wagtlaýyn hassahanalaryň gurluşygy üçin ýer uçastoklaryny konfiskasiýalamak boýunça ygtyýarlyga eýe bolarlar. 13-nji martda Ýaponiýanyň mejlisi hereket edýän kanuna täze koronawirus ýaýrawy bilen baglylykda premýer ministre zerur bolan ýagdaýynda ýurtda adatdan daşary ýagdaýyň umumymilli ýa-da lokal režimini girizmäge mümkinçilik berýänligi babatda girizilen düzedişleri tassyklady.
Pandemiýa bilen göreş meselesinden başga-da, Adatdan daşary ýagdaý režiminiň girizilmeginiň dünýäniň üçünji we Aziýanyň ikinji ykdysadyýeti üçin döretjek netijesi esasy tema bolup durýar.
Epidemiýanyň netijesiniň agyrdygyny göz öňünde tutup, ýurduň premýer ministri Abe duşenbe güni çökgünlige garşy ykdysady çäreleriň uly toplumyny anons etdi. Onuň bahasy 108 trln ýen ($989 mlrd), bu ýurduň jemi içerki önüminiň 20%-ine deňdir. Serişdeler esasan, biznesi we koronawirus bilen bagly çäklendiriji çäreler zerarly girdejileri birden pese düşenleriň pul töleglerini goldamaklyga gönükdiriler.
Belläp geçsek, infeksiýanyň ýaýrawy sebäpli Ýaponiýa ABŞ-dan, Hytaýdan, Günorta Koreýadan we Ýewropanyň köp ýurtlaryndan gelýän daşary ýurtlulara öz territoriýasyna girmegi gadagan edýändigini mälim etdi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......