Lukmanlar çalt iýmitlenmegiň süýji keseliň döremegine täsir edýändigini anykladylar

  • 07.04.2020 21:28
  • 9.1k+

Hünärmenler iýmiti çalt iýmeklik bilen süýji keseliň ýüze çykmagynyň arasyndaky baglanyşygy anykladylar.
Adam howlukmaç ýagdaýda uly bölegi dişläp, hiç hili alada etmezden ony ýuwdan wagtynda, ol özüne uly zyýan ýetirýär. Şeýle netijä Litwanyň alymlary geldiler.
Lukmanlar iýmitiň howlukmaç ýagdaýda kabul edilmeginiň diabetiň ýüze çykmagy bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar. Edilen gözegçilikler kadaly ýagdaýda iýip, iýmiti gowy çeýneýän adamlarda bu agyr keseliň ýüze çykmak howpunyň 2,5 esse pesdigini görkezdi, dni24.com ýazýar.
Litwanyň lukmanlarynyň geçiren eksperimentlerine 702 sany meýletinçi gatnaşdy. Barlagyň netijelerini seljermek bilen, ekspertler işdämenlik bilen çalt iýýän pasientler artykmaç agramdan ejir çekýär diýen netijä geldiler. Semremäniň netijesi bolsa, belli bolşy ýaly, diabete getirýär.
Häzir barlagçylar bu keseliň döremeginiň iýmiti howlukmaç kabul etmek bilen baglylygyny anyk kesgitlemegiň üstünde işleýärler.

12.06.2026 18:22
9.1k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.2k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....