Russiýa daşary ýurtlardan raýatlaryny alyp gaýtmak üçin awiagatnawlaryny dikeltdi

  • 07.04.2020 21:19
  • 7.4k+

Russiýa daşary ýurtlardaky raýatlarynyň watanyna dolanyp bilmek mümkinçiligini guramak üçin 6-njy aprelden awiagatnawlaryny dikeldýär, diýip koronawirus infeksiýasynyň ýaýrawyna garşy göreşmek boýunça hökümetiň utgaşdyryjy geňeşi habar berýär.
Стопкоронавирус.рф saýtynda neşir edilen maglumatlara laýyklykda, 6-njy aprelde Bişkek – Ýekaterinburg we Dakka – Nižniý Nowgorod gatnawy boýunça ilkinji iki gatnaw dikeldiler. Geljekki uçuşlar baradaky maglumatlar стопкоронавирус.рф saýtynda we döwlet hyzmatlarynyň gosuslugi.ru portalynda neşir ediler.
27-nji martdan Russiýa raýatlaryny alyp gaýtmak boýunça gatnawlardan başga, beýleki ýurtlar bilen yzygiderli hem-de sargytlaýyn awiaaragatnaşyklaryny çäklendirdi, 4-nji apreliň ýarygijesinden bolsa COVID-19-yň daşardan gelme ýagdaýlarynyň ýurduň territoriýasyna täzeden ýaýramagyna ýol bermezlik maksady bilen russiýalylary daşary ýurtlardan alyp gaýtmak boýunça awiagatnawlary wagtlaýyn togtatdy, bu barada russian.rt.com habar berýär.
Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri Mihail Mişustin daşary ýurtlardaky russiýalylary öýüne dolamak üçin ähli şertleri ýola goýjakdygyny aýtdy.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatlary boýunça, daşary ýurtda öýüne dolanmaga isleg bildirýän 25 müň sany rus raýaty bar.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......