Türkmenistanda COVID-19 ýok — Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

  • 06.04.2020 18:01
  • 14k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň Täjigistandaky hemişelik wekilliginiň ýolbaşçysy Galina Perfilýewa «Tajikistan» teleýaýlymyna beren interwýusynda sebitiň diňe iki ýurdunda — Türkmenistanda we Täjigistanda COVID-19 koronawirus ýokanjynyň ýeke ýagdaýynyň hem hasaba alynmandygyny aýtdy. Bu barada Arzuw News habar berýär.
Şeýle hem bilermen elleriňi dogry hem tämiz ýuwmagyň, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň we dogry iýmitlenmegiň möhümligi dogrusynda öňüni alyş çäreleri barada habar berdi.
Häzirki wagta çenli, Türkmenistanda COVID-19 epidemiýasynyň öňüni almak boýunça zerur hem möhüm çäreleri görüldi. Öz wagtynda görlen çäreleriň netijesinde, Hytaýda koronawirusyň ýaýrandygy barada ýurdumyza habar gelip gowşan dessine, bu ýokanjyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüniň alynmagy üpjün edildi. Sebäbi gyzgynlyk ölçeýji enjamlaryň ulanylmagy bilen, döwlet serhedinde arassaçylyk-karantin gözegçiligi güýçlendirildi.
Hytaý bilen, soňra bolsa bu ugurda amatsyz ýagdaý ýüze çykan beýleki ýurtlar bilen howa gatnawy çäklendirildi. Daşary ýurtlardan talyplarymyz we raýatlarymyz getirildi.
Beýleki döwletlerden ýurdumyza dolanyp gelen we olar bilen gatnaşykda bolan adamlara lukmançylyk taýdan gözegçilik ýola goýuldy. Şeýle hem ähli daşary ýurt raýatlarynyň ýurdumyza gelmegini wagtlaýyn duruzmak barada karar kabul edildi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......