Programmalardan gelýän girdejiler rekord derejä ýetdi

  • 05.04.2020 23:46
  • 5.7k+

Koronawirus pandemiýasy we onuň bilen bagly bolan karantin çäreleri adamlaryň izolýasiýa wagtynda smartfonlardan has köp peýdalanmaklaryna getirdi. Bu bolsa öz gezeginde programmalar bilen bagly statistika öz täsirini ýetirdi, bu barada iXBT portaly habar berýär. 
Programmalaryň bazaryna we analitiki maglumatlara ýöriteleşdirilen App Annie kompaniýasynyň habar bermegine görä, üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde ulanyjylar tarapyndan smartfonlarda geçirilýän wagt ortaça 30% ýokarlandy, bu bolsa günde bäş sagada barabardyr. Tutuş dünýäde bu görkeziji Android-li gurluşlar üçin 20% artdy. 
Öz gezeginde diňe bir adamlaryň smartfonlara we programmalara sarp edýän wagtlary däl-de, eýsem olaryň bu programmalara sarp edýän serişdeleri hem artdy. App Annie-niň maglumatlary boýunça, ulanyjylar programmalar dükany arkaly 23,4 mlrd dollardan gowrak sarp etdiler, bu bolsa çärýek üçin rekord görkeziji bolup durýar. Anyklaşdyrsak, gürrüň programmalaryň içindäki çykdajylar barada däl-de, programma dükanlarynda programma üpjünçiliginiň satyn alynmagy barada gidýär. Programmalary ýükläp almanyň möçberi bu çärýekde 31 mlrd-dan geçmek bilen, 15% ýokarlandy. Olardan 22,5 mlrd Google Play-a, 9 mlrd-y bolsa AppStore-e degişli. Ösüş degişlilikde 5% we 15%-e barabar boldy. Ulanyjylar esasan oýunlary we beýleki güýmenje üçin programmalary ýükleýärdiler. Uly ösüş (30-40%) sport we saglygy goraýyş bilen bagly programmalaryň arasynda hem ýüze çykdy.
Eger-de liderler barada aýtsak, onda iň köp ýüklenilýän programmalaryň onlugyny TikTok, WhatsApp we Facebook esaslandyrdy. 
Şeýle-de, iOS ulanyjylarynyň Android ulanyjylaryna garanda puly has köp sarp edendikleri anyklanyldy, ýöne Android ýüklemeleriniň umumy möçberi Apple platformasyndaky ýüklemeleriň möçberinden ep-esli geçdi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......