Hytaý koronawirusy ýeňmegiň şanyna “Uhan” hemrasyny goýberer

  • 05.04.2020 23:42
  • 8.7k+

Koronawirus infeksiýasynyň epidemiýasy hut “Uhan” şäherinden başlapdy, onuň ýaýrawyny ýaňy-ýakynda Hytaýda togtatmak başartdy.
Hytaý apreliň ahyrynda HHR-iň raýatlarynyň koronawirus epidemiýasy bilen göreşiniň şanyna “Uhan” diýlip atlandyrylan kosmiki hemrasyny orbita çykarmagy meýilleşdirýär. 
Bu uçurylyş “Kuaýçžou-1A” güýçli ýangyçly raketa göterijisiniň kömegi bilen amala aşyrylar – diýip “Ženmin žibao” gazeti habar berýär. Bu uçuş “Sinýun” täze sputnik programmasynyň başlangyjy bolmaly.
News.ru saýtynyň ýazmagyna görä, Ýewropanyň kosmiki agentligi Marsyň orbitasynda ýedi sany ylmy hemranyň işini gaýtadan dikeltdi. Öň olar koronawirus pandemiýasy zerarly saklanylypdy. Häzirki wagtda ýedi sany hemra işe girizilen. Ýagny, Ýeriň magnitosferasyny öwrenmek üçin dört sany apparat we Marsyň orbita stansiýalary. 
Hytaýda kosmiki giňişligi esaslandyrmak işine uly gyzyklanma bildirýärler. Hünärmenler tarapyndan hemişe meteorologiýa, telekommunikasiýa we nawigasiýa bilen bagly dürli hemralar döredilýär. Mundan başga-da, alymlar Marsy we Aýy öwrenmek bilen gyzyklanýarlar.
Hytaýda häzirki wagtda COVID-19 bilen kesellänleriň 94%-i gutuldy. Hassahanalarda 1562 adam bejergi almagyny dowam etdirýär. Täze keselleýänleriň sany gün geçdigiçe azalýar.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......