Fransiýa ABŞ-ny Hytaýdan sargyt eden maskalaryny satyn almakda aýyplady

  • 03.04.2020 09:59
  • 11k+

Fransiýada ABŞ-ny Hytaýdan sargyt eden maskalaryny satyn almakda aýypladylar. Bu barada Grand-Est etrabynyň ýolbaşçysy Žan Rottner RTL telekanalyna habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä, bu ýagdaý Hytaýda uçuş zolagynda bolup geçýär. Fransiýa hytaý kärhanalary bilen birnäçe million maskalary satyn almak barada gürleşipdi, ýöne amerikalylar soňky minutda bu sargytlary aldylar. “Olar uçuş meýdançasyna gelýärler we biziň sargytlarymyz üçin nagt görnüşde puly çykaryp, iki ýa-da dört esse gymmat töleýärler”- lenta.ru onuň sözlerini getirýär. Ol käbir sargytlaryň her näme-de bolsa sebite gelip gowşandygyny sözüniň üstüne goşýar we fransuzlary wirus bilen göreşmäge çagyrýar.
“Maska häzir seýrek haryda öwrüldi, şonuň üçin amerikalylar ony tapan ýerlerinden näçe bahadan bolsa-da satyn alýarlar. Olar önüme seretmezden iki esse nagt görnüşinde töleýärler” – diýip gazet çeşmeleriniň biri belleýär. Fransuz çinownikleri Ştatlaryň Hytaýdan 2-3 mlrd maska satyn alýandyklaryny belleýärler.
Pariž heniz Rottneriň günäkärlemesini resmi taýdan tassyklanok. 15-nji aprele çenli ýurduň ähli ýeri boýunça karantin dowam eder. Ýurtda eýýäm adamlaryň hereketine berk çäklendirmeler girizildi, kafeler, kinoteatrlar we azyk önümlerinden gaýry harytlar dükanlary ýapyldy. Gatnawlar hem ýurtda çäklendirilen.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......