W.Putin russiýalylar üçin dynç alşyň möhletini 30-njy aprele çenli uzaltdy

  • 02.04.2020 21:36
  • 11k+

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýadaky çylşyrymly epidemiologik ýagdaý bilen baglylykda, ýurduň ähli sebitlerinde dynç günlerini aýlyk haklaryny saklap galmak bilen aprel aýynyň ahyryna çenli uzaltdy. Bu barada Sibnet.ru saýty habar berýär. Ýagdaýlar gowulaşan ýagdaýynda dynç alyş günleri wagtyndan öň togtadylyp bilner.
«Epidemiýanyň dünýä boýunça, şol sanda ýurdumyzda ýetjek derejesi heniz öňde. Şunuň bilen baglylykda, boş günleriň möhletini aýyň ahyryna, ýagny 30-njy aprele çenli uzaltmak kararyna gelindi» diýip W.Putin ýurduň raýatlaryna ýüzlenmesinde belledi.
Russiýanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, dynç günlerinde işgärleriň «aýlyk haklary dolulygyna töleniler». «Iş ýerlerini we raýatlarymyzyň aýlyk haklaryny, hatda pandemiýa şertlerinde hem saklap galmak — hökümetiň esasy ileri tutýan ugry» diýip, Putin belledi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......